Biz barada.

Biziň kompaniýamyzyň kanuny atlandyrylyşy Awtoýoly HJ. Soňky 12 ýyldan bäri Awtoýoly HJ awtohyzmatlar, awtoulag harytlarynyň we garaž enjamlarynyň bölek we lomaý söwdasynda iş alyp barýar. Awtoýoly özüni diňe bir ýokary hilli önümler bilen üpjin edýän kärhana hökmünde däl, eýsem netijeli hyzmaty we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy bilen hem tanatdy. Uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk beýleki ýerli şereketlerden tapawutlylykda, Awtoýolynyň strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. “Siziň ynamdar partneryňyz” şygary biziň kompaniýamyzyň taglymatyny beýan edýär, sebäbi ynam beýleki şereketler bilen gymmatly hyzmatdaşlygy ýola goýmakda iň gowy ugur hökmünde biziň ymtylýan iň wajyp maksatlarymyzyň biridir.

“Awto-yoly” telekeciligin şekili – hyzmatdaşlyk esasyndadyr. Ol 3 sany yolbasçy agzalara eyedir – baş direktor, finans işleri barada direktor,söwda işleri boýunça direktor. ”Awto-yoly” 300-den gowrak isgari öz içine alyar.

“Awto-yoly” Turkmenistanyň her bir welaýatynda iň uly awtomobil şinalarynyň şahamçalarynda, tekerler, akkumulýatorlar, ýag çalyşma, antifrizler, ýag filterleri, awtomobil aksessuarlary, we garaž enjamlary ýaly hyzmatlary yerine ýetirýar.Hazirki wagtda biziň kompaniýamyz Türkmenistanyň her bir böleginden ähmiyetli alyjylary we köp sanly müşderileri bilen ol ýurduň bazarlarynda we effektli söwdalarda ozara hyzmatdaşlyklarda giň tanymallyga eýe boldy.